Iň täze habarlar

HGI-niň UNESCO kluby Halkara Nowruz güni mynasybetli döredijilik bäsleşigini geçirýär

10.03.2025 | 18:35 |
 HGI-niň UNESCO kluby Halkara Nowruz güni mynasybetli döredijilik bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly UNESCO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni we UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşige UNESCO kafedralarynyň we klublarynyň döredijilik bilen gyzyklanýan agzalary we talyp ýaşlar gatnaşyp biler. Bäsleşige hödürlenjek wideoýazgylar dürli dillerde bolup biler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlar we bäsleşige tabşyryljak wideoýazgylar cultureofpeaceunesco@gmail.com elektron salgysy arkaly 2025-nji ýylyň 20-nji martynda sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Wideoýazgylarda Nowruz baýramynyň taryhy we onuň bellenilişiniň däp-dessurlary wasp edilmelidir.

-Dowamlylygy: 2-5 minut;

-Saz ýa-da sesli düşündirişler bilen bezelmeli;

-MP4 formatynda (1920 we 1080) bolmaly.

Wideoýazgylarda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň halklaryň arasyndaky dostlugy, agzybirligi we parahatçylygy berkitmek ýaly ýörelgeleriniň beýan edilmelidir.

Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III orunlar boýunça hormat hatlary, şeýle hem ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: Aýgözel Öwezowa +99362071848
Jemile Pürjäýewa +99365671253

Bäsleşik barada giňişleýin maglumatlar

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: