Iň täze habarlar

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça pudagara topary döredildi

10.03.2025 | 01:55 |
 Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça pudagara topary döredildi

Türkmenistanda daşary ykdysady işini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze möhüm gural döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti daşary ykdysady işi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek barada Karara gol çekdi.

Topary döretmek baradaky çözgüde, esasy milli strategiki resminamalarda we maksatnamalarda kesgitlenen uly göwrümli maksatlar sebäp boldy. Täze gurluşyň esasy maksady – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini has giňeltmek we diwersifikasiýa etmek üçin halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.

Pudagara toparyň wezipesi, ykdysady ugurly halkara guramalar, öňdebaryjy maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda anyk resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmegi öz içine alýar diýip, TDH habarynda aýdylýar.

Prezidentiň Karary bilen şeýle hem täze toparyň netijeli işlemegi üçin anyk guramaçylyk gurluşyny we kanuny esaslary üpjün edýän pudagara toparyň düzümi we işi baradaky Düzgünnama tassyklandy.

Pudagara toparyň döredilmegi, dünýä ykdysady ulgamynda öz ornuny berkitmek, ykdysady ösüşe itergi bermek we ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň strategiki maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: