Döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi geçiriler
10.03.2025 | 17:50 |2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi geçirilýär. Bu barada TBM-niň web sahypasynda habar berilýär.
Ders bäsleşigine gatnaşmaklyga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň 28-nji martyna çenli institutyň tdmi.info@mail.ru elektron salgysynda hasaba alynýar. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir toparyň gatnaşmagyna hukuk berilýär.
“Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilip, topar agzalary 4 (dört) talypdan ybarat bolmalydyr. Topara öz aralaryndan bir agzasyny toparbaşy saýlamaklyga ygtyýar berilýär.
Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test sowalyny hödürläp biler. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň eserlerine degişli bolup biler.
Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine çenli görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda) tdmi.info@mail.ru salgysyna ugratmaly.
Bäsleşige hödürlenilýän testleri işlemek talyplara üçin 1 sagat wagt beriler.
Habarlaşmak üçin tel: 482861, +99365056749. elektron salgy: tdmi.info@mail.ru