Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 23 geleşik hasaba alyndy

10.03.2025 | 12:57 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 23 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 23 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt pul birligine Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen esas ýagyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-niň önümçiligi bolan hlorly natrini, karbamidi, ECO 93 kysymly awtoulag benzinini hem-de nebit galyndylaryny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt pul birligine buýanyň kökleri we kök baldaklary, dürli görnüşli ýumşak sütükli önümler, jins matasy, nah ýüplükler, buýan kökli çaý içgileri ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Germaniýa, Serbiýa, Gyrgyzystan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy 29 mln 355 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 4 mln 200 müň manada barabar bolan buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: