Aprel aýynda Türkiýe Respublikasynda halkara mebel ýarmarkasy geçiriler
10.03.2025 | 14:17 |2025-nji ýylyň 15-20-nji apreli aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäherinde halkara mebel ýarmarkasy geçiriler. Çäre KUMSMALL söwda merkezinde geçirilip, pudagyň ýokary taýýarlykly hünärmenlerini, iri söwdagärleri, daşary ýurt satyjylaryny ýygnar.
Sergi meýdançasynda bütin dünýäniň öňdebaryjy öndürijleriň mebel önümleriniň müňlerçe täze görnüşleri we içki bezeg enjamlary görkeziler. Şeýlelikde, KUMSMALL merkezindäki bu sergi mebel senagatyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ajaýyp mümkinçilik berer.
Türkiýe Respublikasynyň mebel pudagynyň 20 iri kompaniýasynyň 12-si Kaýseride ýerleşýär. Şäherde bu babatdaky möhüm öndürijilik kuwwatlyklary hem ýerleşdirilendir. Olarda 3500-den gowrak mebel öndürijileri işleýär.
Şäher şeýle uly ýarmarkanyň netijesinde pudagyň öňdebaryjysy bolmagyny dowam etdirer.
Giňişleýin maglumat üçin çäräniň saýtyna geçip bilersiňiz.
ORIENT