Tähranda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar
09.03.2025 | 22:20 |5-nji martda, çarşenbe güni, Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarýatynyň edara binasynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmegiň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, YRHA habar berýär.
YHG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň mejlisinde ilçi Sylapberdi Nurberdiýew öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek başlangyjy barada hasabat berdi.
Nurberdiýew bu taslamanyň ykdysady mümkinçiligine ünsi çekip, bilelikdäki söwda zolagynyň döredilmeginiň YHG-niň agza ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy boljakdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar umumy söwda zolagy üçin hukuk mehanizmini döretmek arkaly sebit söwdasyny güýçlendirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
ORIENT