Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝB-niň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

08.03.2025 | 01:30 |
 Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝB-niň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Mundan başga-da, taraplar ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejedäki duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Foto: Getty Images

Şeýle hem okaň: