Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

07.03.2025 | 23:00 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Euronews teleýaýlymynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça garaýşyny beýan etdi. Söhbetdeşlik suw serişdeleri, energetika, sebit we ählumumy derejedäki hyzmatdaşlyk ýaly köp sanly ugurlary öz içine aldy.

Söhbetdeşligiň başynda, “Euronews”-iň habarçysy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa tarap ymtylmagy üçin itergi beren sebäpleriň biri Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýagdaýlardygyny belläp, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak meselesindäki garaýyşlaryny, şeýle hem häzirki döwürde parahatçylyk üçin edilýän synanyşmalara nähilli baha berdigi barada sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasydygyny nygtap, bitaraplygyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýändigi belledi.

“Syýasy taýdan, biziň ýurdumyz — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet. Türkmenistan halkara dawalara gatnaşmaýar hem-de goşulmaýar” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri mälim etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Hukuk taýdan seredilende, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli ýagdaýlary Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Dünýä garaýyş babatda aýdylanda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usullaryny goldamaýar. Sebäbi uruş emele gelen ýagdaýlaryň çözgüdi däldigini türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

“Euronews”-iň habarçysy sebitdäki suw meselesi barada durup geçip, suw üçin barha artýan ykdysady gyzyklanma bilen baglanyşygy belläp, bu ugurda dünýä bileleşiginiň Hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow suw meselesiniň sebit üçin örän uly mesele bolup durýandygy aýtdy we Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň, Türkmenistanyň pikirine görä berjaý edilmeli esasy üç kadasyny beýan etdi.

Birinjiden, halkara hukugy berjaý etmek. Munuň özi suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup durýandygyny aňladýar. Suwy peýdalanmak bolsa umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydyr.

Ikinjiden, bähbitleriň özara hasaba alynmagy. Bu bolsa suw serişdeleri ulanylanda ähli döwletleriň halklarynyň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aňladýar.

Üçünjiden, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy möhümdir. Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň suw meselesi bilen bagly başlangyçlara gatnaşmagynyň kanuny we netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmegi teklip edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä bu sebitiň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Soňra söhbetdeşligiň dowamynda, syýasy gepleşikler şol sanda owgan meselesi üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, Türkmenistanyň Owganystan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselesi gozgaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Owganystany parahat, asuda durmuşda ýaşap, öz döwletini gurmagyny, ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamlaryny dikeltmegini isleýändigni nygtady. Türkmenistan şeýle hem Owganystanyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda alnyp barylýan ykdysady işlere, taslamalary amala aşyrmaga goşulmagy ugrunda çykyş edýär we ýurdy geljegi uly ykdysady taslamalary durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çekýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystan bilen üstünlikli alnyp barylýan ykdysady hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde TOPH gaz geçirijisiniň, Owganystanyň wganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem demir ýollary gurmagyň taslamalaryny görkezdi.

“Euronews”-iň habarçysy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýewropa ugruna gaýdyp gelip, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine nähili baha berýilýändigi barada sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini we şunda parlamentara gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi etmegi goldaýandygyny mälim etdi.

“Soňky ýyllarda Aşgabatda we Brýusselde parlamentara duşuşyklaryň hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň mejlisleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýtmak isleýärin. Şeýle hem adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogy hereket edýär. Biz bu ugurdaky işleri dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyrys” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Söhbetdeşlikde energetika hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny we häzirki zaman şertlerde muňa özara gyzyklanmalaryň barha artýandygyny nygtady. Energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazary dünýäde iň iri bazarlaryň biri bolup durýar we Ýewropanyň ykdysadyýetini kadaly ösdürmek üçin energiýa çig malynyň köp möçberde hem-de bökdençsiz iberilmegini talap edýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Euronews”-iň habarçysy Türkmenistanyň tebigy gazynyň çykarylýan möçberini artmagy meýilnamalary we ýurduň Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün üçin esasy üpjün ediji bolmak mümkinçiligi barada sorady. Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär, “Galkynyş” käni bolsa gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Şöhbetdeşligiň jemleýji böleginde “Euronews”-iň habarçysy habarçysy golaýda Özbegistanda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammiti barada durup geçdi we Türkmenistanyň bu forumda beýan etjek esasy pikirleriniň nämelerden ybaratdygyny sorady.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti aýratyn umytlary we birleşmeleri döredýändigini belläp, Merkezi Aziýanyň häzirki döwürde parahatçylyga, howpsuzlyga, durnuklylyga we deňhukuklylyga çalyşýan möhüm sebitdigini nygtady.

“Elbetde, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady, ekologiýa, tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda toplan tejribesi, gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyz üçin peýdalydyr hem-de gyzyklydyr” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy daşary syýasat gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk etmekde-de gowy mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin. Sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, serhetleri berkitmekde, neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we ençeme beýleki ugurlarda hem arkalaşykly işleşmäge giň şertleriň bardygyna ynam bildirdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: