Türkmenistan - Birleşen Patyşalyk: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
07.03.2025 | 18:15 |Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Golaýda türkmen wekiliýeti Birleşen Patyşalyga amala aşyran saparynyň dowamynda, Türkmen-Britan Bilelikdäki Söwda-Senagat Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Kowentri uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşdy. Geçirilen gepleşikleriň esasy ugurlary akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak we öňdebaryjy bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly boldy.
Türkmen wekiliýeti Kowentri uniwersitetiniň Londondaky şahamçasyna baryp, bu ýerde halkara standartlaryna laýyk gelýän bilim maksatnamalary bilen tanyşdylar. Täze çemeleşmelere esaslanýan okuw usulyýetine, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagyna, şeýle hem uniwersitetiň senagat we işewürlik ulgamlary bilen saklaýan ýakyn hyzmatdaşlygyna aýratyn hem üns berildi.
Şeýle-de şu ýerde 2024-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Patyşalygyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş işleri boýunça döwlet sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda bilim babatda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendigini bellemek gerek. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti kabul edipdi. Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda maksatlaýyn bilim maksatnamalaryny döretmek we iňlis dilini okatmagyň gerimini giňeltmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Soňra Britaniýanyň uniwersitetleriniň, işewür toparlarynyň we Britan Geňeşiniň wekilleri bilen wideo duşuşyklaryň we iş maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. Bu gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga we bu ugurda özara gatnaşyklary dowam etdirmäge giň ýol açdy.
Kowentri uniwersitetinde geçirilen duşuşyk Türkmenistany we Birleşen Patyşalygy baglanyşdyrýan bilim hyzmatdaşlygy çygryndaky netijeli çäreleriň biri boldy. Britan uniwersitetiniň wekilleri sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrylmak we senagat pudagy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe başlangyjy öňe sürdüler.
Kowentri uniwersiteti dünýäniň abraýly Times Higher Education we QS Education Ranking sanawlaryna girýän ýokary okuw mekdebidir. Uniwersitet uly halkara tejribesine eýe bolup onuň Müsürde, Marokkoda, Polşada, Gazagystanda, Alžirde we Günorta-Gündogar Aziýada şahamçalary hereket edýär.
Londondaky Koventri uniwersitetiniň Dolandyryş mekdebiniň ýolbaşçysy, doktor Joanna Woulgaropoulou bilen geçirilen duşuşykda esasan ýokary bilimden soňky bilimiň okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara pikir alşyldy. Uniwersitet marketing, ykdysadyýet, maliýe, menejment we global işewürlik ugurlary boýunça çeýe magistr we bakalawr maksatnamalaryny hödürleýär.
Bulardan başga-da duşuşykda birnäçe anyk meselelere-de garaldy:
-Türkmen talyplarynyň uniwersitetiň halkara uçurymlar toruna we okuw platformasyna girmäge mümkinçiligini öwrenmek.
-Daşary ýurtly talyplara goldaw bermegiň meseleleri, şol sanda iňlis dili boýunça okuwlary guramak we Londonyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek.
-Halkara marketing, sanly marketing we maglumat seljermesi, global ykdysadyýet, bank işi we maliýe ýaly ugurlar boýunça magistr maksatnamalary.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar gepleşikleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini içgin öwrenmek maksady bilen bilermenleriň maslahatlaşmalaryny guramak barada gyzyklanmalarynyň bardygyny beýan etdiler.
Türkmen wekiliýeti ýokary bilim ulgamynda halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň möhümdigini nygtap, geljekki gepleşiklere we pikir alyşmalara taýýardygyny mälim etdi.