XII synp mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
05.03.2025 | 19:30 |Golaýda Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin «Türkmen dili» we «Geometriýa» dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi.
«Türkmen dili» (awtorlary: M.Isaýewa, S.Saparowa, I.Durdyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) kitabynda türkmen edebi diliniň stilleri, stilistikanyň görnüşleri, funksional stiller, ene diliň edebi normalary we sözleýiş medeniýeti beýan edilipdir.
Şeýle hem kitapda häzirki bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli mazmunly tekstler, okuwçylaryň ýaş we indiwidual aýratynlyklary göz öňüne tutulan ýumuşlar ýerleşdirilipdir.
«Geometriýa» (awtorlary: G.Şadurdyýew, Ý.Abaýew, B.Beknazarow, A.Sapargeldiýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) okuw kitaby jemi üç bapdan ybarat bolup, onuň I baby köpgranlyklara, II baby aýlanma jisimlere, III baby bolsa, köpgranlyklaryň we aýlanma jisimleriň göwrümine bagyşlanypdyr.
Bulardan başga-da, bu okuw kitabynda geometrik jisimler, tekiz figuralar barada hem gyzykly maglumatlar bar.
ORIENT