Türkmenistan we BMG - işjeň hyzmatdaşlygyň 33 ýyllygy mynasybetli HGI-de bäsleşik geçirildi▶️
27.02.2025 | 20:00 |Ýurdumyz halkara syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişligine sazlaşykly goşulmak bilen, bu ugurda alyp barýan gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine 1992-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne täze Garaşsyz döwlet hökmünde girmek bilen, Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup durýar. Geçen 33 ýylyň içinde döwletimiz esasy halkara konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär. Häzirki wagtda BMG bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň gerimi toplanan baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere esaslanyp, Guramanyň esasy agentlikleriniň hem-de iri ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça yzygiderli giňeldilýär.
Watanymyzyň dünýäniň iri halkara guramalary şol sanda, BMG bilen alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygyny geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillere öwretmek, ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek babatda ýerine ýetirilýän giň gerimli işlere ýaşlary çekmek döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alnyp 26-njy fewralda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilen gününe bagyşlanylyp TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň yokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik institutyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy we “Ýaş alymlar” geňeşi tarapyndan guraldy. Oňa ýaş diplomatlary taýýarlaýan institutyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar üç tapgyrda ýagny, 1-nji - BMG bilen bagly düzülen soraglara jogap bermek, 2-nji - BMG-niň Baş Assambleýasynyň immitirlenen sessiýasynda öz döwletiniň adyndan çykyş etmek, şeýle-de 3-nji - dünýä döwletleriniň baýdaklaryny ýatdan bilmek bilen baglanşykly soraglara jogap bermek boýunça özara ýaryşdylar.
Tapawutly netije görkezip Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary baş baýragy, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary 1-nji orny, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary 2-nji orny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bolsa, 3-nji orny eýelediler.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
ORIENT