Iň täze habarlar

ADU, diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biri boldy

27.02.2025 | 12:30 |
 ADU, diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biri boldy

Adygeýanyň döwlet uniwersiteti (ADU), diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän rus ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi okuw resminamalary ykrar edilmäge degişli bilim edaralaryň sanawyny tassyklady. Sanawa bütin dünýäniň 1500-den gowrak ýokary okuw mekdepleri, şol sanda 45 sany rus uniwersitetleri girizilip, ilkinji gezek oňa Adygeýanyň döwlet uniwersiteti goşuldy.

ADU ilkinji gezek bu sanawa girizildi. Uniwersitet 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu döwrüň içinde 2000-den gowrak türkmen talyplary onuň uçurumy boldy. 2016-njy ýylda ADU-da Türkmeistandan gelen talyplaryň ilkinji resmi hasaba alnan topary döredildi diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp, adigeatoday.ru habar berýär.

Häzirki wagtda ADU-da 43 ýurtdan 1600-e golaý daşary ýurtly talyplar bilim alýar, olaryň 1300-den gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr.

ORIENT news

Foto: adygnet.ru

Şeýle hem okaň: