Orta geçelge, gaz üpjünçiligi, işewürlik we söwda – Aşgabat bilen Ankaranyň arasyndaky gazanylan ylalaşyklar
25.02.2025 | 20:50 |Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 25-nji fewralda Ankarada geçirilen Hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinden soňra metbugat maslahatyny geçirdiler. Diliň, diniň, medeniýetiň we taryhyň umumylygyna esaslanýan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk gatnaşyklar, ýokary derejeli özara saparlar arkaly günsaýyn pugtalandyrylýar diýip, Ýylmaz mälim etdi.
Gol çekilen Hökümetara toparynyň teswirnamasy 87 bölümi öz içine alyp, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda 12-nji Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini we Türkiýede Türkmenistanyň önümleriniň sergisini gurnamaklyk göz önünde tutulan diýip, Jewdet Ýylmaz habar berdi.
Teswirnamanyň aýry-aýry bentlerini energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna Türkiýäniň üsti bilen elýeterliligini üpjün etmek, Gündogar-Günbatar Hazarüsti halkara geçelgesini (Orta geçelgesini) ösdürmek, bilelikdäki gümrük toparyny we ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, özara höweslendirmek we maýa goýumlaryny goramak baradaky häzirki Ylalaşygy döwrebaplaşdyrmak boýunça gepleşikleri çaltlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Bilelikdäki resminama taraplaryň işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, saglyk syýahatçylygy we oba hojalygy üçin işgärleri taýýarlamak ugrundaky şeýle hem Türkiýäniň Ylmy we tehnologiki barlag geneşi (TUBITAK) bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitdi. Telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasy düzüldi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanşygynyň mukdary 2,2 milliard dollara ýetdi. Şeýle-de bolsa, taraplar ony 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýärler. Bu maksada ýetmek üçin garşylyklaýyn eksport harytlarynyň sergisi ýaly işewürlik çäreleri geçiriler.
Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň potratçylary tarapyndan Türkmenistanda durmuşa geçirilen birnäçe uly taslamalary belläp, türk işewürliginiň Aşgabat-siti we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýaly uly göwrümli taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýändigini aýtdy diýip, Türkiýäniň KHBS-i habar berýär.
“Energetika pudagynda, “BOTAŞ” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Türkiýä gazyň iberilmeginiň başlanmagyna garaşýarys” – diýip, Ýylmaz aýtdy hem-de indiki beýannama bilen çykyş etdi:
“Birinji tapgyrda gürrüň, swap usuly bilen getiriljek 1,3 milliard kub metr tebigy gaz hakda barýar. Biz soňky tapgyrlarda bu sanlaryň has ýokary görkezijilere ýetjekdigine we türkmen gazynyň we elektroenergiýasynyň dünýä bazarlaryna, esasanam Ýewropa, Türkiýäniň üsti bilen çykjakdygyna ynanýarys. Mundan başga-da, biz “TPAO” we “BOTAŞ” ýaly döwlet kompaniýalarynyň Türkmenistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge we bu çeşmeleri daşamaga gönükdirilen infrastruktura maýa goýumlaryna gatnaşmagynyň üstünde işleýäris”.
ORIENT