Iň täze habarlar

Türkmen telekeçileri Germaniýada “akylly” oba hojalyk boýunça okuwlara gatnaşyp bilerler

17.02.2025 | 15:00 |
 Türkmen telekeçileri Germaniýada “akylly” oba hojalyk boýunça okuwlara gatnaşyp bilerler

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.

2025-nji ýylda okuwlar “Akylly oba hojalygy we azyk senagaty” halkara toparda geçiriler.

Maksatnama onlaýn-görnüşinde okuwlary hem-de Germaniýada üç hepdelik iş tejribeçiligini öz içine alýar. Oba hojalyk we azyk senagaty ugurlary boýunça türkmen we german telekeçileriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen taslamany hödürlän gatnaşyjylar okuwlara gatnaşmak mümkinçiligini alarlar.

Arzalar 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenisatnyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edilýär.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Ýokary bilimi bolmaly;
  • Ýuridiki şahsyň, onuň düzümleýin böleginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi derejesi bolmaly (Aşgabat, Arkadag, welaýatlar);
  • 5 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly, onuň 2 ýyly ýolbaşçy wezipesinde bolmaly;
  • Iňlis we rus dillerini bilmeli.

Goşmaça maglumatlar we gerekli resminamalaryň sanawy www.fineconomic.gov.tmsaýtynda elýeterlidir. Soraglar bilen (+99312) 39-43-55 telefon belgisi boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Foto: leader-id.storage.yandexcloud

Şeýle hem okaň: