Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 12 geleşik hasaba alyndy

17.02.2025 | 12:32 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 12 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 12 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt pul birligine “Türkmennebit” Döwlet konserninde işlenilen uçar kerosini satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt pul birligine ýorgan-ýassyk daşlyklarynyň toplumlaryny, nah matany we ülügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 7 mln 970 müňden gowrak ABŞ dollaryna barabar boldy.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 56 mln 840 müňden gowrak manada barabar bolan polipropileni (“Türkmennebit” DK), float düz aýnasyny, şeýle hem nah matany we pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: