Iň täze habarlar

Türkmen döwlet maliýe instituty talyplary makala ýazmak boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar

14.02.2025 | 17:00 |
 Türkmen döwlet maliýe instituty talyplary makala ýazmak boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniñ talyplaryny "Ýaşasyn parahat durmuş!" atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 2025-nji ýylyñ 29-njy oktýabrynda geçiriler.

Bäsleşige hünär/ugur taýýarlygyna garamazdan her bir ýokary okuw mekdebinden iki talyp gatnaşyp biler.

Bäsleşik barada goşmaça maglumatlary institutyñ saýtyndaи tapyp bolar.

Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyñ 1-nji oktýabryna çenli info@tdmai.edu.tm salgysy boýunça Türkmen döwlet maliýe institutynyñ elektron salgysyna ugratmaly.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri: +993 12 49 25 91, +993 61 66 36 06

ORIENT news

Foto: 1poclimaty.ru

Şeýle hem okaň: