Gyrgyzystan sanly bilim ulgamynda Google bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
14.02.2025 | 22:00 |Gyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Bu Ähtnamany durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary golaýda Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy – Prezident Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewiň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Google kompaniýasynyň wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga bilim ulgamynda Google şahamçasynyñ (Google for Education) ählumumy direktory Timoti Paolini we beýleki wekiller gatnaşdylar.
Gyrgyzystan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi web sahypasynda habar berlişine görä, Ministrler Kabinetiniň başlygy sanlylaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we Google ýaly tehnologiýa liderleri bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Öz gezeginde, Google kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamynyň sanly transformasiýasy babatynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, IT pudagynda iş orunlaryny döretmek, başlangyç taslamalary (startup) goldamak, sanly tehnologiýalar, emeli aň, kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça pikir alşyldy.
ORIENT