Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasy A.Saharow adyndaky HDEI-de dabaraly çäre geçirdi

13.02.2025 | 23:30 |
 Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasy A.Saharow adyndaky HDEI-de dabaraly çäre geçirdi

13-nji fewralda Minskiň A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen talyplaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly boldy. Çäräniň çäginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

1.jpg

Dabaranyň öň ýanynda Ilçi Şagulyýew A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynyň (HDEI) direktory, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Oleg Rodkin bilen duşuşdy. Olar hyzmatdaşlygy ösdürmek, institutdaky berilýän bilimiň hili, talyplaryň sanyny artdyrmak we özara gatnaşyklaryň beýleki taraplary barada pikir alyşdylar.

2.jpg

Türkmen ilçisi ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasyna hem baryp gördi we baý kitap ýygyndysy we institutyň innowasiýa taslamalary – ekologiýa bilimi boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esasy guramasy bilen tanyşdy.

Soňra A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynyň rektoratyň, professor-mugallymlar düzüminiň we talyplarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Duşuşygy gutlag sözi bilen professor Oleg Rodkin açdy. Soňra Ilçi Şagulyýew ýygnanlary Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini, ýurduň durnukly ösüşe we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen parahatçylykly daşary syýasaty açyp görkezýän, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy. Diplomatyň belleýşi ýaly, bu Konsepsiýa Türkmenistanyň ählumumy dialoga, özara düşünişmek we durnuklylyk, şeýle hem döwrümiziň möhüm meselelerini çözmek üçin şertleri döretmek islegini görkezýär.

3.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda Nazarguly Şagulyýew eseriň beýik şahyryň türkmen halkynyň taryhyndaky ähmiýetini, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşant hökmünde eden işiniň ähmiýetini açyp görkezýändigi aýtdy. Ilçi bu kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda, ylmy taýdan bilimli, giň dünýä garaýyşly edip, terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ornuny belläp geçdi.

HDEI-niň mugallymlary we talyplary hem ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy baradaky pikirlerini we täsirlerini paýlaşdylar hem-de onuň goşgularyny okadylar.

4.jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Şagulyýew, bu eserde türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklary we taryhda ajaýyp yz galdyran beýik şahsyýetleriniň şöhlelendirilýändigine ünsi çekdi. Bu eser şeýle hem ýaş nesilleri watansöýüjilik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşýar we döwürdeşlerimizi, şöhratly ata-babalarymyzyň nesillerini täze belentliklere ruhlandyrýar.

5.jpg

Çärede Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan tematiki şekilli görnüşleriň görkezilmegi HDEI-däki dabaryň üstüni ýetirdi.

6.jpg

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy tarapyndan üpjin edildi

Şeýle hem okaň: