Iň täze habarlar

Adam hukuklary boýunça pudagara topary 2024-nji ýylyň jemini jemledi we öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

14.02.2025 | 20:00 |
 Adam hukuklary boýunça pudagara topary 2024-nji ýylyň jemini jemledi we öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

14-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we beýleki pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda öňde goýlan wezipelere garaldy. Halkara ynsanperwer hukugy boýunça Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem adam hukuklary boýunça we gender deňligi boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hem-de çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Pudagara toparyň ileri tutuýan wezipeleriniň arasynda ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kanunçylygynyň milli tejribeleri hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýändigi beýan edildi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: