Iň täze habarlar

Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar

14.02.2025 | 22:20 |
 Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar

4-nji martda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk işlerine bagyşlanan ÝB we Merkezi Aziýanyň wekilleriniň 20-nji ministrler duşuşygy geçiriler. Sammit 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew başlyklyk etmeginde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň liderleriniň gatnaşmagynda Samarkantda geçiriler. Ýewropa Bileleşigine Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Antonio Kosta we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen wekilçilik eder.

ÝB-niň Özbegistandaky wekiliýetiniň metbugat gullugynda bellenilişi ýaly bu çäre ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga bolan özüniň geosyýasy gyzyklanmasyny görkezmek üçin möhüm mümkinçilik bolar. Howpsuzlyk, ykdysady, ulag, sanly özara baglanyşyk, energetika we strategiki çig mal ýaly özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ÝB özüniň ygrarlydygyny tassyklar diýlip garaşylýar.

Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän geosyýasy we makroykdysady durnuksyzlyk bu sammitiň aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Bu duşuşyk ÝB bilen MA-nyň köpugurly hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikler döredip biler. Antoniu Koşta: «Biz bulam-bujarlyk we bölünişik döwründe ýaşaýarys. Şonuň üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak parahatçylygyň we gülläp ösüşiň ýeke-täk ýoludyr. Köpugurly dünýäde has işjeň we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyk zerurdyr. ÝB – Merkezi Aziýa ilkinji sammiti biziň halkara hukugyň kadalaryna doly eýermek bilen durnukly ösüşe, howpsuzlyga we syýasy hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygymyzy tassyklar» diýip belleýär.

ÝB Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy sebitiň Ýewropa Bileleşigi üçin artýan ähmiýetini görkezýär we soňky ýyllardaky döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine esaslanýar. Strategiýanyň esasy maksady – sebiti durnukly, gülläp ösýän we özara baglanyşykly ykdysady hem-de syýasy giňişlik hökmünde ösmegine itergi berýän, döwrebap we inklýuziw berk hyzmatdaşlygy gurmakdan ybaratdyr.

2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahatynda Türkmenistanyň ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini nygtaldy.

«Merkezi Aziýa ­ Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Metbugat maslahatynda sebitara syýasy dialog we hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika, howanyň üýtgemegine garşy bitarap ykdysadyýeti we umumy howpsuzlyk meselelerini çözmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki ýol kartasynyň ähmiýeti beýan edildi.

ORIENT

Foto: AP Photo/Geert Vanden Wijngaert

Şeýle hem okaň: