Saud Arabystanynyň Ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
13.02.2025 | 20:50 |Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi diýip, penşenbe güni DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellemek bilen, taraplar dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýändigi belläp geçdiler.
Ilçi diplomatik işini üstünlikli durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de ýardamlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.