Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş ähmiýetli derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny aldy
14.02.2025 | 10:00 |BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy ýokanç däl keselleri, şol sanda diabet keseli boýunça gözegçilik çärelerini durmuşa geçirmegi, şeýle hem durmuş ähmiýetli derman serişdeleri bilen üpjün etmegi dowam etdirýär.
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin derman serişdeleri bilen üpjün etmek baradaky ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi insuliniň, insulin ruçka-şprisleriniň hem-de sterilleşdirilen insulin iňňeleriň nobatdaky tapgyryny aldy.
Serişdeler Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda hasaba almak bilen elýeterlidir.
2021-nji ýyldan bäri BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýokanç däl keselleriň gözegçiligi we olaryň bejerilmegi boýunça bilelikdäkki taslamalary amala aşyrýar. Taslamalar dolulygyna Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
ORIENT news