TDHÇMB-da söwdalaşyklar: buýan köküniň gury ekstraktyna we nebit-himiýa önümlerine isleg bildirildi
07.02.2025 | 09:15 |6-njy fewralda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
BAE-niň, Owganystanyň we Ukrainanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “B” kysymly karbamidi we hlorly natrini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen nebit galyndylaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden olar buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 10 840 000 manada we 31 690 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 22 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news