Iň täze habarlar

Aşgabatda döredijilikli we innowasion ykdysadyýetiň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

14.03.2025 | 23:40 |
 Aşgabatda döredijilikli we innowasion ykdysadyýetiň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

13-14-nji martda paýtagtda ýurduň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti” atly halkara forumy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary bilen bilelikde geçirildi.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (14).JPG

Forum, Türkmenistanda depginli we dowamly döredijilik hem-de innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy döwlet edaralarynyň, kärhanalaryň, halkara guramalarynyň we bilermenleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Forumyň dowamynda ykdysady diwersifikasiýalaşdyrmakda, telekeçiligi höweslendirmek we durnukly ösüşi üpjün etmekde döredijiligiň we innowasiýalaryň ornuna aýratyn üns berildi. Çekişmä gatnaşyjylar medeni miras pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, döredijilik pudagyny ösdürmek üçin sanly tehnologiýalary ulanmak, telekeçilige maýa goýumlaryny çekmegiň mehanizmleri we innowasiýalarda inklýuziwligiň ähmiýeti barada durup geçdiler.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (7).JPG

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan: “Innowasiýa we döredijilik durnukly ösüş üçin möhüm görkezijidir. Döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek bilen, Türkmenistan ykdysadyýetini diwersifikasiýa edip, iş orunlaryny döredip we telekeçileriň indiki nesliniň mümkinçiliklerini giňeldip biler. BMGÖM ýurduň depginli we inklýuziw innowasiýa ekoulgamy döretmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermägini dowam eder”.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon döredijilik senagatynyň Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine goşan goşandyny belläp, bu pudagyň jemi içerki önümiň ep-esli bölegini emele getirýändigini we millionlarça iş orunlary bilen üpjün edýändigini mysal hökmünde getirdi. Ol bu forumy goldandyklary üçin şatdygyny beýan etdi.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (8).JPG

Forum halkara tejribesini alyşmak üçin meýdança boldy we gyzyklanýan taraplaryň arasynda dialogyň ýola goýulmagyna goşant goşdy. Gatnaşanlar netijeli goldaw ulgamlaryny döretmegiň, hususy pudagy işjeňleşdirmegiň we innowasiýa gönükdirilen ykdysadyýeti döretmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Döredijilik pudagynda zenanlary we ýaşlary goldamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Forumyň öňüsyrasynda, “Iş-Nokady” iş merkezinde Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýüze golaý döredijilik hünärleriniň wekilleri bilimlerini alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin çäre geçirildi.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (1).JPG

Şeýle hem forumda, dürli döredijilik ugurlaryny görkezýän ýagny senetçileriň, dizaýnerleriň we dokma pudagyndaky ussatlaryň, keramika, şaý-sepler we bezeg sungatyndaky eserlerini öz içine alýan sergi görkezildi.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (9).JPG

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çinar Rüstamowa döredijilik we innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ýerliklidigini belläp, BMGÖM we Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň täze taslamasynyň bu ugurdaky ähmiýetine ünsi çekdi.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (10).JPG

Forumyň iki gününiň dowamynda gatnaşyjylar maýa goýum işini güýçlendirmek, sanly başarnyklaryň derejesini ýokarlandyrmak we döwlet edaralary bilen döredijilik telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm teklipleri taýýarladylar. Ähli gyzyklanýan taraplar ykdysady diwersifikasiýa, medeni mirasy gorap saklamaga we inklýuziw ösüşi üpjün etmäge goşant goşjak Türkmenistanda döredijilik ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (15).JPG

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (4).JPG

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (5).JPG

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (6).JPG

14032025-v-ashhabade-obsudili-razvitie-kreativnoj-ekonomiki (2).JPG

ORIENT

Foto: undp.org

Şeýle hem okaň: