Arkadag şäheri akylly we ekologik taýdan arassa şäher hökmünde ýene bir gezek halkara derejesinde ykrar edildi
14.03.2025 | 05:45 |13-nji martda, penşenbe güni döwlet ähmiýetli şäher adyna eýe bolan Arkadag şäherine Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň (HHR) ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu sylag Arkadag şäheriniň ajaýyp ýaşyl we ekologiýa taýdan arassa şäher hökmünde derejesini ýene bir gezek tassyklady. Bu ykrarnama, täze şäheriň binagärlik çözgüdi, ekologik derejesi boýunça halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
HHR-iň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen dabarada çykyş edip, “akylly” şäheriň ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakyndaky bu güwänamany Arkadag şäherine gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Diplomat Hytaýyň innowasion merkezleriniň biri bolan Hançžou şäheri sanly tehnologiýalary we emeli aňy işjeň ösdürýändigini aýtdy. Arkadag şäherine güwänamasy gowşurylan Dýanszi uniwersiteti bolsa dünýäniň dürli ýurtlary bilen häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, dünýä boýunça bina edilýän täze şäherleriň tehnologik derejesine baha bermek bilen meşgullanýar.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Arkadag şäherine gowşurylan halkara şahadatnamalaryň we diplomlarynyň ähmiýetini bellediler. Olar ýokary derejeli rahatlygy, milli binagärligiň özboluşly nusgasy we öňdebaryjy dünýäniň çözgütleri özünde jemleýän bu şäheriň, Türkmenistanda şähergurluşyk çemeleşmelerini ösdürmegiň täze tapgyryny alamatlandyrýandygyny nygtadylar.
Dabaranyň myhmanlary şeýle hem Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbine, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň we infrastrukturasyndaky innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklaryna bagyşlanyp gurnalan sergini synladylar. Bu ýerde Hytaý tarapy, hytaý hünärmenleriniň “akylly” şäheriň ösmegine goşan goşandyna bagyşlanan aýratyn pawiliony guranady.
Mundan başga-da, dabaranyň çäginde Arkadag şäherinde ulanylýan innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Onda şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda ornaşdyrylan tehnologiýalaryň netijeleri beýan edilýär.
Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek barada Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edendigini ozal ORIENT habar berdi.
ORIENT