Iň täze habarlar

Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň täzelenen baýdagy galdyryldy

13.03.2025 | 12:44 |
 Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň täzelenen baýdagy galdyryldy

Türki Döwletleriň Guramasynyň Stambuldaky ştab-kwartirasynyň binasynyň öňünde Guramanyň täzelenen baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, AZERTAJ habar berýär.

Çärä Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdy.

“Bu baýdak biziň doganlygymyzyň güýjüni, hyzmatdaşlygymyzyň çuňlugyny we bilelikde gurýan ýagty geljegimizi alamatlandyrýar. Ol biziň agzybirligi pugtalandyrmak, mümkinçilikleri giňeltmek we türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky islegimiziň beýanydyr” – diýip, Kubanyçbek Omuraliýew öz çykyşynda belläp geçdi.

Şeýle hem, ol täzelenen baýdakdaky sekizburçly ýyldyzyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän türki dünýäsiniň döwletliliginiň, agzybirliginiň we güýjüniň däplerini alamatlandyrýandygyny aýtdy. Sekizburçly ýyldyz paýhaslylygyň nyşanydyr.

TDG-niň täzelenen baýdagy geçen ýylyň 6-njy noýabrynda Bişkekde geçirilen Guramanyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň IX sammitinde tassyklanyldy.

ORIENT news

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: