Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Ermenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

15.03.2025 | 23:55 |
 Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Ermenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan tarapyndan kabul edildi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy.

15032025-posol-turkmenistana-s-prezidentom-armenii (1).jpg

Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigini belledi. Ol çakylyk hatyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi we bu çärä Ermenistan Respublikasynyň ýokary derejedäki wekiliýetiň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Ilçi Aýazow şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde Maýa goýum forumynyň geçirilýändigini we bu çärä Ermenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny habar berdi, şeýle hem Ýerewan şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: