Türkmenistanyň wekiliýeti Weneda BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy
15.03.2025 | 06:05 |Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynda geçirilen Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy. Sessiýa agza döwletleriň we halkara guramalaryň wekillerini ählumumy neşe syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş strategiýalarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
Sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Ýazguly Agabaýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň neşe serişdesi bilen baglanyşykly meselelere garşy göreşmeklige gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna ygrarlydygyny tassyklady.Türkmenistanyň wekiliýeti neşe howpuna garşy göreşde hukuk goraýjy çäreler bilen jemgyýetçilik saglygy goraýyş çäreleriniň arasynda deňagramly çemeleşmäniň möhümdigini nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmäge, neşekeşligi azaltmaga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit we halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe ugurdaş çärelere gatnaşdy. Bu meýdançalar halkara kärdeşler bilen öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga we neşe serişdelerine garşy göreş ugrunda ählumumy syýasatyny kämilleşdirmek üçin innowasion çemeleşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş bilen baglanyşykly älumumy meseleleri çözmekde işjeň ornuny tassyklaýar diýip, Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasynda bellendi.
ORIENT