Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

15.03.2025 | 06:50 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerler gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, salgytlar bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow “Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň tertibiniň” taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan makullandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Toparyň mejlisinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim pudagynda şeýle hem ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk toplumyndaky, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragyna taýýarlyk görmek we gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça şeýle hem maldarçylygy ösdürmegiň boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli bahar baýramyna we ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nazarguly Atagulyýew Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlaryny okuwa ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we 2025 — 2030-njy ýyllar üçin degişli maksatnamany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýerlere öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýlelik bilen, Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine we onuň halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: