Iň täze habarlar

Apple kompaniýasy Air Pods-a beýleki dillerden terjimeçilik funksiýasyny goşar

15.03.2025 | 12:10 |
 Apple kompaniýasy Air Pods-a beýleki dillerden terjimeçilik funksiýasyny goşar

Apple kompaniýasy Air Pods nauşnikleri üçin möhüm täzeleniş taýýarlaýar. Olar beýleki dillere sinhron terjime funksiýasyny öz içine alar.

Bloomberg-iň synçysy Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, täze tehnologiýa iOS 19 operasion ulgamynyň täzelenişi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň ahyrynda tanyşdyrylar. Funksiýa ulanyjylara başga gollanmalary ulanmazdan, bir dilden beýleki dile şol bada terjime etmäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, eger-de adam ispan dilinde gürleşýän bolsa, Air Pods awtomatiki usulda onuň gürleýşini iňlis diline tejrime eder, iňlis dilinde gürleýäniň jogabyny bolsa, ispan diline terjime edip, iPhone arkaly seslendiriler. Munuň özi dürli dillerde gürleşýän adamlaryň arasynda has tebigy özara gatnaşygy üpjün eder.

Bu funksiýanyň Apple ekoulgamyna berk ornaşjakdygyna garaşylýar. Bu hem ony dürli iPhone we AirPods modelleri bilen ulanmaga mümkinçilik berer. Emma entek täze funksiýanyň işledip biljek dilleri anyklanylmady.

Apple kompaniýasy öz enjamlarynyň işleýiş funksiýalaryny giňeltmegi dowam etdirýär. Bu bolsa ulanyjylara başga nauşnik modellerini satyn almazdan, täze mümkinçiliklerden peýdalanmaga ýol açýar.

ORIENT news

Foto: 808.media

Şeýle hem okaň: