Baharyñ aýdym-saz çäresi: nemes sahnasynyñ ýyldyzy Aşgabatda çykyş eder
15.03.2025 | 20:10 |4-nji aprelde Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgüniñ sahnasynda meşhur nemes aýdymçysy we aktýor zenany Katarin Merlingiñ konserti geçiriler. ORIENT saýtyna habar berilşi ýaly, nemes ýyldyzy Türkmenistanyñ at gazanan artisti Resul Gylyjowyñ ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyñ Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder.
Katarina Merling nemes sahnasynyñ parlak ýyldyzy bolup, dürli ugurlarda döredijilik taýdan açylmaga başarýar. Köpsanly aýdym-saz stillere eýe bolup, aýdymçy-zenan, isle teatr we kino aktýory, isle öz aýdymlarynyñ awtory hökmünde, döredijilik beýanynda çäklendirilmeýär. Merling ähli döredijilik erkinlikleri birleşdirýär - hut şunuñ özi onuñ sungatyny janly we köpöwüşginli edýär.
Aýdymçy Berliniñ gowy görülýän aktýor zenany hökmünde eýýäm sekizinji gezek Berliniñ "Altyn perde" teatr klubynyñ abraýly tomaşaçylar baýragyna mynasyp boldy. Onuñ ýakynda döreden has möhüm işleriniñ arasynda - meşhur "Berlin Ensamblda" Oliwer Riziñ goýmagynda "Aýdanam özge" oýuny hem-de meşhur Barri Koskiniñ režissýorçilik etmeginde "Komiş Oper Berlinde" goýulan "CHICAGO" muzýiklde Roksi Hart gahrymanynyñ ýerine ýetirilmegi.
Geçen ýylda Katarin "Konserthaus Berlin" orkestriñ baş dirižýory Ýoan Mallwisiñ ýolbaşçylygynda "Deutsche Grammophon" leýblinde çykarylan "KURT WEILL ALBUM" albomy bilen tanyşdyrdy. Sentýabr aýynda aýdymçynyñ özüniñ "MEHRlingMUSIK" leýblinde çykaran "IN BERLIN" atly täze solo albomy çykdy. Konsert sagat 19:00-da başlaýar. Giriş bilet boýunça amala aşyrylýar.
Olary satyn almak üçin şu telefon belgilere ýüz tutup bilersiñiz 48-96-83; 48-96-85; (+99363)81-18-81.
ORIENT