Türkmenistan-ÝB dialogyň esasy temalary – ORIENT üçin Ýewropa komissary Sikela bilen geçirilen söhbetdeşlikde
12.03.2025 | 15:00 |Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýosef SIKELA Merkezi Aziýa saparynyň çäginde 12-nji martda Türkmenistana geldi. Merkezi Aziýanyň geosyýasy ähmiýetiniň ýokarlanmagy nukdaýnazaryndan, Ýewropa komissarynyň sapary Ýewropa Bileleşigi üçin sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini we bu dialogda Türkmenistanyň aýratyn ornuny nygtaýar.
ORIENT-iň baş redaktory Bekdurdy AMANSARYÝEW bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Ýewropa komissary saparyň maksatlary, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy babatyndaky garaýyşlary barada gürrüň berdi.
— Komissar Sikela, siziň saparyňyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary üçin möhüm döwre gabat gelýär. Bu saparyň esasy maksadyny nähili häsiýetlendirip bilersiňiz we ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda haýsy esasy netijeleri gazanmagy umyt edýärsiňiz?
— Meniň saparymyň maksady – hem Türkmenistana, hem-de Ýewropa uly peýda getirip biljek ugurlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy berkitmekden ybarat. Bu ykdysadyýeti kämilleşdirmegi, ulag baglanyşyklaryny giňeltmegi we ýaşyl ykdysadyýete geçmegi öz içine alýar. Biziň “Global Gateway” başlangyjymyzyň çäginde Türkmenistanyň sebit we ählumumy söwda torlaryna goşulmak, infrastrukturany kämilleşdirmek we maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýäris.
Türkmenbaşy şäherini Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda esasy üstaşyr merkezine öwürjek Hazarüsti ulag geçelgesiniň (TCTC) mümkinçiliklerini açmak üçin ajaýyp bir mümkinçilik görýärin. Bu geçelge Ýewropa harytlaryň iberiliş wagtyny takmynan 15 güne çenli azaldyp, logistika, ulag we söwda ugurlarynda täze iş ýerleri we maýa goýum mümkinçilikleri döreder.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ykdysady ileri tutulýan ugurlaryna we Ýewropa Bileleşiginiň durnukly we uzak möhletleýin ösüş baradaky borçnamalaryna laýyk gelýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa netijeliligi we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirýäris. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyny goldamagy dowam etdirýäris, sebäbi bu örän oňat iş gurşawyny döretmäge kömek edip, ýewropa we türkmen işewürligine peýda getirer.
— Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň strategiýasyna nirede gabat gelýär we “Global Gateway” başlangyjyny sebitde durmuşa geçirmekde Türkmenistan üçin nähili orny görýärsiňiz?
— Türkmenistan ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen özara gatnaşyklarynda strategiki orny eýeleýär. Türkmenistan sebit söwdasynyň üstaşyr merkezi we möhüm çig mal esasy görnüşler hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri üçin bazarda mümkinçilikli oýunçy bolup biler. Türkmenbaşy portundan başlanýan Hazarüsti ulag geçelgesi, ýurdy Ýewropanyň söwda ýollaryny diwersifikasiýa etmekde we beýleki üstaşyr ugurlaryna garaşlylygy azaltmakda esasy baglanyşyk hökmünde görkezýär.
Ulagdan başga-da, energetika hyzmatdaşlygynda-da möhüm mümkinçilikleri görýäris. ÝB-niň esasy çig mal serişdeleri, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak başlangyçlaryna maýa goýumlary boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurlar Türkmenistanyň tebigy serişdeleri, ÝB-niň maýa goýum mümkinçiligi we tehnologiki tejribesi özara peýdaly hyzmatdaşlygy döredip biljek ugurlardyr.
Şol bir wagtyň özünde, ÝB uzak möhletleýin, ýokary standartly maýa goýum çemeleşmesine ygrarly bolup, Türkmenistandaky gatnaşmagymyzyň durnukly bolmagyny we ykdysady özgertmelere hem-de bazary döwrebaplaşdyrmak laýyk gelmegini şertlendirýär.
— Gün tertibindäki esasy meseleleriň biri Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyny goldamak. Ýewropa Bileleşigi haýsy anyk ýardamy we tehniki goldaw bermäge taýyn? Goşulmak tapgyryny tamamlamak üçin Türkmenistan haýsy möhüm işleri ýerine ýetirmeli?
— Biz Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyny dolylygyna goldaýarys, sebäbi bu söwda we maýa goýum üçin täze mümkinçilikleri açar. Häzirki wagtda kärhanalar bazarlara girmegiň käbir kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. BSG-ä agza bolmak ýurduň maýa goýujylar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrjak, düzgünlere esaslanýan anyk gurluşy üpjün eder.
Biz eýýäm Türkmenistana kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny sazlaşdyrmaga we söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilen Halkara Söwda Merkeziniň 6 million ýewro möçberindäki maksatnamasynyň çäklerinde goldaw berýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan üçin esasy ädim, goşulmak işinde öňe gitmek üçin zerur bolan Daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamany düzmek we tabşyrmakdyr.
Tehniki goldaw bilen bir hatarda, biz söwda syýasatyny, gümrük amallaryny we walýuta düzgünleşdirişlerini BSG ölçeglerine laýyk getirmekde Türkmenistana kömek bermek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boýunça hem işleýäris. Bu diňe bir ýurduň uzak möhletleýin ykdysady geljegini gowulandyrman, eýsem Ýewropa bilen Türkmenistanyň işewür toparlarynyň özara hyzmatdaşlygyny hem ýeňilleşdirer.
— Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda nähili anyk taslamalary ýa-da maksatnamalary amala aşyrmagy meýilleşdirýär? Haýsy energiýa çeşmeleri iň uly mümkinçiliklere eýe?
— Türkmenistan giň açyk meýdanlary we güneşli howany göz öňünde tutup, gün we ýel energiýasynda uly mümkinçiliklere eýedir. Häzirki wagtda biz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlaryny höweslendirip biljek tehniki-ykdysady esasly, synag taslamalaryny we syýasy özgertmelerini goldamaga üns berýäris.
ÝB Germaniýanyň halkara ösüş agentligi (GIZ) bilen 4,5 million ýewro möçberindäki başlangyjyň çäginde hyzmatdaşlyk edýär. Bu taslama energetika netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologiýa taýdan arassa energiýany ösdürmäge we metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilendir. Şeýle hem biz gün we ýel energiýasy boýunça taslamalara, şol sanda energiýa saklaýyş çözgütlerine maýa goýmak mümkinçiligini gözden geçirýäris.
Şol bir wagtyň özünde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini bar bolan infrastruktura, mysal üçin Türkmenbaşy portuna birleşdirmegiň ýollaryny öwrenýäris. Eger şol ýerde logistika amallaryny üpjin etmek üçin gün we ýel energiýasyna esaslanýan durnukly energiýa çözgütlerini işläp düzmek başartsa, bu Türkmenistana sebit üçin ýaşyl ulag geçelgesini döretmekde öňdebaryjy ýurt bolmaga mümkinçilik berer.
— Metan zyňyndylarynyň azaldylmagy ählumumy dereje ähmiýetli wezipe bolup durýar. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyndaky ornuny nähili görýär we ÝB haýsy goldawy berip biler?
— Metan howanyň üýtgemeginiň esasy sebäpleriniň biridir we onuň zyňyndylarynz garşy göreşmek ÝB bilen Türkmenistanyň umumy ileri tutýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy möhüm ädimdir, ýöne islendik borçnamada esasy mesele onuň durmuşa geçirilmegidir.
ÝB eýýäm metanyň zyňyndylaryny gözegçilikde saklamak, hasabat bermek we azaltmak boýunça tehniki kömek berýär. Biz öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, tehnologiýa geçirmek we düzgünleşdiriji binýady ösdürmek bilen bu ugurda hakyky netijäni gazanmak üçin işleýäris.
Aýratyn üns berýän ugurlarymyzyň biri, metanyň syzmagy bilen baglanşykly çynlakaý mesele bolan nebit-gaz pudagydyr (redaktoryň belligi: Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi) barada ozal ORIENT ýazypdy). Eger Türkmenistan has täsirli gözegçilik tehnologiýalaryny ornaşdyryp, syzmagyň öňüni almak üçin maýa goýup bilse, bu diňe bir zyňyndylary azaltman, eýsem energiýa netijeliligini we pudagyň ykdysady girdejisini hem ýokarlandyrar. ÝB bilermen bilimini, synag taslamalaryny maliýeleşdirmek we Ýewropanyň energiýa kompaniýalary bilen tejribe alyşmak arkaly bu geçişe ýardam bermäge taýýardyr.
— Hazarüsti ulag geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin haýsy çäreleri görmek zerur we Türkmenistanyň infrastrukturasyna ÝB-niň maýa goýumlary üçin mümkinçilikleri görýärsiňizmi?
— Hazarüsti ulag geçelgesi söwda ulgamynda oýunyň düzgünlerini üýtgedýän taslama bolup, ol söwda akymlaryny ep-esli artdyryp, ýük daşama wagtyny takmynan 15 güne çenli gysgaldyp biler. Emma onuň doly güýjünde işlemegi üçin birnäçe amaly meseleler çözülmelidir.
Türkmenbaşy porty uly mümkinçiliklere eýedir. Şonuň üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, sanly gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek we demir ýol gatnawyny döwrebaplaşdyrmak portuň mümkinçiliklerini doly açmaga kömek eder. ÝB-niň kompaniýalary bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardyr.
ÝB eýýäm ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak boýunça ykdysady-tehniki esaslandyrmalara we tehniki kömek taslamalaryna maýa goýýar. Şeýle hem infrastrukturany ösdürmek, söwda amallary sanlylaşdyrmak we logistikany kämilleşdirmek boýunça ýewropaly kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasy görýäris.
Sebitleýin ulag maksatnamasy muňa mysallaryň biridir. Biz muny ýakynda tassykladyk. Bu serişdeler, gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak ýa-da port logistikasy üçin has akylly programma üpjünçiligini ornaşdyrmak ýaly möhüm kämilleşdiriş işlerini maliýeleşdirmek üçin ulanylyp bilner. Degişli özgertmeler bilen Türkmenistan hususy maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik alar we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwda üçin esasy üstaşyr merkezine öwrülip biler.
— Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwdadaky esasy päsgelçilikler haýsylar we olary nähili ýeňip geçip bolar?
— Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda uly mümkinçiliklere eýe, emma entek doly durmuşa geçirilmedi, ýöne täze mümkinçilikleri açmak üçin aradan aýrylmaly birnäçe päsgelçilik bar.
ÝB eýýäm Türkmenistan bilen söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak we kanunçylyk ulgamynda özgertmelerini durmuşa geçirmek hususan-da, BSG-ä goşulmak bilen bagly işler boýunça işleýär. Türkmenistanyň söwda syýasatynyň halkara ölçeglerine laýyk getirilmegi, ýurdy has bäsdeşlige ukyply edip, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we onuň ykdysady mümkinçiliklerini giňelder.
— Adaty eksportdan başga-da, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwdanyň çäginde harytlaryň görnüşini giňeltmek üçin mümkinçilikleri görýärsiňizmi?
— Hawa, gürrüňsiz. Häzirki wagtda söwdada energiýanyň eksporty agdyklyk edýändigine garamazdan, täze ykdysady pudaklary diwersifikasiýa etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, dokma senagaty – Türkmenistan kuwwatly pagta we dokma senagatyna eýe we ýewropaly alyjylary ýygy-ýygydan durnukly üpjünçilik çeşmelerini gözleýärler. Ýokary hilli önümleri üpjin edip, halkara şahadatnamalara laýyk getirilmeginiň hasabyna söwdany mundan beýläkde giňeltmäge mümkinçilik bar.
Ýene bir geljegi uly ugurlaryň biri oba hojalygydyr. Eger Türkmenistan azyk senagatyny ýewropanyň howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrsa, bu, oba hojalygynyň eksportyny giňeltmek üçin täze gözýetimleri açar. Elbetde, ýurtlaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan gyzyklanmanyň artýandygyny göz öňünde tutup, arassa energiýa tehnologiýalarynda söwda üçin mümkinçilikler hem bar.
Bu ugurlara ünsi jemläp, Türkmenistan söwda işini giňeldip, täze maýa goýumlaryny çekip biler we gazylyp alynýan ýangyç bilen bagly bolmadyk pudaklarynda ýokary hak tölenýän iş orunlaryny döredip biler.
— Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky energetika, şol sanda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegine nähili baha berýär?
— Biz ekologiýa taýadan arassa energiýa geçmäge synanyşýandygymyza garamazdan, geçiş döwründe tebigy gazyň möhüm orny eýelemegini dowam etdirjekdigini biz ykrar edýäris. Şeýle-de bolsa, esasy ünsümiz energiýa önümçiligini has durnukly we netijeli etmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin Türkmenistan bilen metanyň zyňyndylaryny azaltmak üçin işleýäris, sebäbi metanyň syzmagyny çäklendirmek diňe bir daşky gurşawa peýdaly bolman, eýsem gaz amallarynyň netijeliligini hem ýokarlandyrýar.
Şeýle hem biz, bar bolan infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we energiýa ýitgilerini azaltmaga kömek edip, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagy goldaýarys. Uzak möhletleýin geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge üns bereris – Türkmenistanda gün we ýel energiýasynyň uly mümkinçilikleri bar we bu ugurlardaky maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýäris.
Netijede, energiýa hyzmatdaşlygynyň gazdan has arassa we has durnukly energiýa gurluşyna geçýändigini, uzak möhletleýin ykdysady durnuklylygy we Türkmenistanyň ählumumy howanyň üýtgemegi baradaky borçnamalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýändigini görýäris.
— Akylly şäher çözgütlerini goşmak bilen tehnologiýanyň haýsy ugurlarynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmek we tehnologiýa geçiriş mümkinçiliklerini görýär?
— Biz tehnologiki hyzmatdaşlygyň esasanam energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öndürmek we daşky gurşawa gözegçilik ulgamlaryny ösdürmek babatynda birnäçe ugurlary görýäris.
Mysal üçin, akylly ulgamlar we sanly gözegçilik arkaly Türkmenistanyň energiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak onuň netijeliligini we dowamlylygyny ýokarlandyryp biler. Şeýle hem, ýurduň daşky gurşaw meselelerine uýgunlaşmagyna kömek etjek howanyň durnuklylygy tehnologiýalarynda mümkinçiliklere eýe.
— Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we suwy durnukly peýdalanmak babatynda Ýewropa Bileleşigi sebitleýin hyzmatdaşlyga nähili goşant goşup biler?
— Suw serişdelerini dolandyrmak Merkezi Aziýa üçin möhüm mesele we ÝB eýýäm suw, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça “Team Europe” başlangyjy arkaly sebitleýin çözgütleriň üstünde işleýär.
Suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşma strategiýalaryny we serhetüsti hyzmatdaşlygy goldaýarys. Bu tagallalar tutuş sebitde suw serişdelerini peýdalanmagyň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrar.
— ÝB-de işlenip düzülen suw serişdelerini dolandyrmak pudagynda haýsy innowasion çemeleşmeler we tehnologiýalar Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň şertlerinde ulanylyp bilner?
— Biz eýýäm Türkmenistan bilen we Merkezi Aziýaly hyzmatdaşlar bilen suw serişdelerniň dolandyryşyna, energiýa we howanyň üýtgemegine gönükdirilen iki esasy maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk edýäris.
2024-nji ýylyň dekabrynda işe girizilen Merkezi Aziýanyň suw we energiýa serişdeleri boýunça maksatnamasy, suw dolandyrylyşy we energiýa çeşmeleri pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen uly göwrümli başlangyçdyr. ÝB-iň 8 million ýewrony bölüp bermeginiň netijesinde bu maksatnama: suwy we energiýany dolandyrmagy kämilleşdirmek üçin maglumatlary we anyk görkezijileri gowulandyrmaga, suw we energiýa hyzmatdaşlygy boýunça sebit dialogyny ösdürmäge, kararlaryň toplumlaýyn kabul edilmegini goldamak üçin institutlaryň hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Aýratynam, Araly halas etmegiň halkara gaznasy – AHEHG ýaly sebit institutlaryny güýçlendirmek bilen gyzyklanýarys. Güýçli sebit guramalary bolmasa hyzmatdaşlyk kyn bolar.
Mundan başga-da, “EU4SustainableCentralAsia” maksatnamasy (7 million ýewro) suw serişdeleri we durnukly ösüş pudagynda sebit dolandyryşyny güýçlendirmäge gönükdirilip, ýurtlara umumy suw serşdelerini has gowy dolandyrmaga kömek etýär.
— Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda bilim we medeniýet pudagynda haýsy anyk başlangyçlary ösdürmegi meýilleşdirýär?
Türkmenistan eýýäm ÝB tarapyndan goldanýan birnäçe bilim başlangyçlaryna, şol sanda ýaşlaryň arasynda hünär bilimine we başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýada başlangyçly ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly maksatnamasyna gatnaşýar.
Türkmenistan ÝB-iň “Horizon Europe” atly öňdebaryjy ylmy-barlaglar hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamasyna hem gatnaşyp biler. Biz ýurdy bu mümkinçilikden doly ýagdaýda peýdalanmaga çagyrýarys.
Elbetde, “Erazmus+” atly maksatnamasy türkmen talyplaryna we hünärmenlerine Ýewropada okamak, tejribelik geçmek we tejribe alyşmak mümkinçiligini berýän esasy bilim maksatnamasy bolmagynda galýar.
— Medeniýet we syýahatçylyk pudagynda haýsy bilelikdäki taslamalar ÝB-de türkmen medeniýetiniň ýaýramagyna goşant goşup biler?
— Medeni hyzmatdaşlyk ýerli gyzyklanýan taraplaryň ileri tutulýan ugurlaryna we başlangyçlaryna baglydyr. ÝB bilim alyş-çalyşlary, döredijilik hyzmatdaşlygy ýa-da syýahatçylygy ösdürmek başlangyçlary arkaly bolsun, Ýewropada türkmen medeniýetini ösdürmek üçin mümkinçilikleri öwrenmäge açykdyr.
Ýewropa bilen Türkmenistanyň arasynda medeni gatnaşyklary giňeltmek isleýän türkmen hyzmatdaşlarynyň pikirlerini we tekliplerini goldaýarys.