Iň täze habarlar

HPG Gyrgyzystanyň makroykdysady ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine baha berdi

14.03.2025 | 22:35 |
 HPG Gyrgyzystanyň makroykdysady ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine baha berdi

Gyrgyzystanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň seljerilmegi, häzirki ykdysady prosesleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy we ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça maslahatlaryň işlenip düzülmegi GR-nyň ykdysadyýet we söwda ministriniň birinji orunbasary Çoro Seýitow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) missiýasynyň ýolbaşçysy Nikoloz Gigineşwili we HPG-niň ýurt boýunça hemişelik wekili Farid Talyşly bilen bolan duşuşygyň esasy maksady boldy. Duşuşyk ýurtda makroykdysady ýagdaýyň bahalandyrylmagyna bagyşlanan maslahatlaşyklaryň çäklerinde geçirildi.

"caravan-info.kg" habar gullugynyň maglumatlaryna görä, gepleşiklerde taraplar salgyt-býujet syýasaty, maýa goýum gurşawy, energetika pudagyndaky özgertmeler we korrupsiýa garşy göreş çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemlerine görä, Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň oňyn ösüş depginini saklaýandygy we hökümetiň makroykdysady durnuklylygy berkitmek boýunça işjeň hereket edýändigi nygtaldy. HPG-niň wekilleri dowam edýän özgertmeleriň möhümdigini belläp, ösüşiň esasy ugurlary boýunça tehniki goldaw bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

HPG missiýasy tarapyndan «Gyrgyzystan Respublikasynda mümkin bolan önümçilik kuwwaty», «Gyrgyzystan Respublikasynyň zähmet bazary: meseleler we syýasatyň özgertmeleri», «Gyrgyzystan Respublikasy: döwlet kärhanalary bilen bagly maliýe töwekgelçilikleri» atly temalar boýunça analitiki maglumatlar taýýarlanyldy. Çeşmäniň belleýşi ýaly, bu maglumatlar geljekde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylar.

ORIENT

Foto: kabar.kg

Şeýle hem okaň: