Iň täze habarlar

TANAP boýunça gazyñ eksporty 12%-den gowrak möçberde ýokarlandy

14.03.2025 | 16:06 |
 TANAP boýunça gazyñ eksporty 12%-den gowrak möçberde ýokarlandy

Şu ýylda Anatoliýaüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça gazyñ eksporty 12%-den gowrak möçberde ýokarlandy.

Azerbaýjanyñ Energetika ministrliginiñ berýän maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyñ ilkinji iki aýynyñ dowamynda TANAP-yň üsti bilen eksport edilen gazyñ möcberi 0,9 mlrd kubmetre barabar boldy. Bu ösüş ýurtda tebigy gazyñ gazyp alnyşynyñ 1,22% möçberde umumy pese düşmeginiñ netijesinde bolup geçdi.

Şu ýylyñ ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjanda tebigy gazyñ gazyp alnyşy 81,1 mlrd kubmetre barabar boldy.

Bu möçberiñ 2,2 mlrd kubmetr gazy "Azeri-Çirag-Güneşli" ýatagynyñ, 4,3 mlrd kubmetri - "Şahdeniz" ýatagynyñ, 0,3 mlrd kubmetri - "Abşeron" ýatagynyñ, 1,3 mlrd kubmetri bolsa - Azerbaýjan Respublikasynyñ SOCAR Döwlet nebit kompaniýasynyñ paýyna düşdi.

Uzynlygy 1850 km barabar bolan TANAP Azerbaýjandaky Şahdeniz ýatagyndan Ýewropa azerbaýjan gazyny geçirmek üçin 2018-nji ýylyñ iýunynda açyldy. Onuñ 16 mlrd golaý kubmetr gaz möçberinde geçirijiik ukyby bar.

Gaz geçiriji Ýewropa sebitine energetika üpjünçiliginiñ diwersifikasiýalaşdyrylmagynda möhüm orun tutup, adaty ugurlara baglylygy azaldýar.

ORIENT news

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: