Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary bilen geçiren gepleşikleri

12.03.2025 | 23:25 |
 Türkmenistanyň DIM-niň Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary bilen geçiren gepleşikleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikela bilen gepleşikleri geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy faktor bolup durýan ýokary derejeli gepleşikleriň möhümdigi nygtaldy, hususan-da, «Merkezi Aziýa – ÝB» görnüşinde ilkinji sammitiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem, Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa – ÝB» ministrler maslahatyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklerde durmuş-ykdysady hyzmatdaşlyga, söwda we ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, energetika howpsuzlygyna, innowasiýa we maýa goýum işlerine aýratyn üns berildi. ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

13032025-peregovory-v-mid-turkmenistana-s-evropejskim-komissarom (1).jpg

Diplomatlar hereket edýän we geljekki taslamalary hem-de maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meselelerde ÝB-niň hünärmenleriniň tejribesinden peýdalanmak mümkinçilikleri gözden geçirildi.

Üns merkezinde ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek, metan zyňyndylaryny azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda bilelikdäki işler hem boldy. Şeýle-de, bilim we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: