Iň täze habarlar

Özbegistan ýörite eksport zolaklaryny döredýär

15.03.2025 | 03:30 |
 Özbegistan ýörite eksport zolaklaryny döredýär

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew "Ýörite ykdysady we senagat zolaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça goşmaça çäreler hakynda" permana gol çekdi. Özbek metbugatynyň habar bermegine görä, bu permanyň maksady ýörite ykdysady zolaklaryň düzgünlerini we maksatly görkezijilerini kesgitlemek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we garaşylýan durmuş-ykdysady täsirini ýokarlandyrmakdyr.

Permana laýyklykda, ýörite ykdysady zolaklar (ÝYZ) indi diňe bir senagat merkezleri hökmünde däl, eýsem eksport ugruna gönükdirilen ýörite eksport zolagy görnüşinde hem döredilip bilner. Kanunçylyga ýörite eksport zolagy diýen düşünje girizilýär. Bu zolaklarda öndürilýän ähli harytlar daşary ýurt bazarlaryna ugradylar. Mundan başga-da, ýörite ykdysady zolaklaryň işiniň möhleti boýunça çäklendirme aradan aýryldy.

Döwlet baştutanynyň permany ÝYZ we senagat zolaklary üçin maksatly görkezijileri kesgitleýär. Kursiv Uzbekistan neşiriniň habaryna görä, 2025-nji ýylda ýörite ykdysady zolaklara azyndan 2,3 milliard dollar maýa goýum çekilmeli, önümçilik kuwwaty bolsa 4,3 milliard dollara ýetirilmelidir. Bu zolaklarda azyndan 12 müň täze iş orny dörediler. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Özbegistanyň ýörite ykdysady zolaklarynyň jemi eksport möçberi 1 milliard dollara ýetirilmeli.

Senagat zolaklaryna degişli maksatlar boýunça bolsa, 2025-nji ýylda olara 800 million dollar maýa goýum goýulmalydyr, önümçilik kuwwaty 1,8 milliard dollara çenli artdyrylmalydyr. Bu zolaklaryň eksporty 512 million dollara ýetirilmeli, şeýle-de azyndan 17 müň iş orny döredilmelidir.

UzDaily.uz neşiriniň maglumatyna görä, ilkinji ýörite eksport zolagy "Namangan" bolar. Bu zolagyň agzalary getirýän çig maly, materiallary we enjam böleklerini gümrük taýdan erkin zolak tertibinde ýerleşdirip bilerler. Bu tertibe görä, zolagyň çäginde ýerleşýän harytlar gümrük tölegleri we ykdysady syýasat çäreleri nukdaýnazaryndan ýurduň gümrük çäginden daşarda hasap ediler.

Mundan başga-da, "Namangan" ÝYZ-na ýerli kärhanalar tarapyndan iberilýän çig mal, material, enjam bölekleri we hyzmatlar eksport hasaplanar. Şeýle-de, bu zolagyň çäginde öndürilen harytlaryň ýurduň içerki bazaryna iberilmegi import hökmünde kabul ediler we degişli gümrük we salgyt tölegleri giriziler.

Foto: asr.gov.uz

Şeýle hem okaň: