Iň täze habarlar

Dünýä liderleri Antalýada geçiriljek diplomatik forumynda ýygnanyşarlar

13.03.2025 | 09:35 |
 Dünýä liderleri Antalýada geçiriljek diplomatik forumynda ýygnanyşarlar

2025-nji ýylyň 11-13-nji apreli aralygynda Türkiýe Respublikasynyň günortasynda ýerleşýän Antalýa şäherinde 4-nji Antalya diplomatik forumy geçiriler.

Çäre Respublikanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralar. Forum gaýragoýulmasyz global meseleleri çözmek hem-de diplomatiýany parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwürmekde täze bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak üçin işewürlik babatda dünýäniň liderlerini, syýasatçylaryny, alymlary we bilermenleri ýygnar.

Forum syçasatçylary gapma-garşylyklary çözmekde innowasion gurallara, araçylyk strategiýalara we sebit hyzmatdaşlygyň gurallaryna aýratyn üns bermäge gönükdirer. Gatnaşyjylar diplomatiýanyň has inklýuziw, uýgunlaşdyryjy we durnukly bolup biljegi baradaky meseleleri hem aýdyňlaşdyrarlar.

Çäre baradaky giňişleýin maglumaty Forumyň resmi saýtynda tapyp bilersiňiz.

ORIENT

Foto: antalyadf.org

Şeýle hem okaň: