Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileri üçin täze hyzmat girizýär
15.03.2025 | 22:50 |Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky syýahat ýa-da iş saparyny amala aşyrýan «MasterСard Gold» we «MasterСard Business» kartlarynyň eýeleri üçin täze hyzmatyň girizilendigini habar berýär.
Hyzmata laýyklykda bankyň müşderileri «Lounge Key» programmasynyň üsti bilen tutuş dünýä boýunça halkara howa menzillerinde bar bolan biznes zallaryna ýylda iki gezek mugt girip bilýärler.
«Lounge Key» programmasy dünýäniň 135 ýurdunda we 450-den gowrak şäherlerinde ýerleşýän 1100-den gowrak biznes zallaryna mugt girmäge, biznes zallaryň kaşaňlygyndan we rahatlygyndan lezzet almaga, sowadylan içgiler we ýeňil naharlanmalardan mugt peýdalanmaga, şeýle hem internet hyzmatyndan, käbir ýerlerde bolsa maslahat zallaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Hyzmatdan 2 görnüş arkaly peýdalanyp bolar:
-
Halkara howa menziliniň biznes zalyna baryp, degişli bank kartyňyzy biznes zalyň jogapkär işgäre görkezmeli.
-
«Lounge Key» programmasyny ykjam telefonyňyza ýüklemeli we «QR-kod» döretmeli. Döredilen «QR-kody»jogapkär işgäre görkezmeli. «Lounge Key» programmasyna ykjam goşundynyň üsti bilen ýada www.loungekey.com/wbe-kz, www.loungekey.com/we-kz internet sahypalary arkaly hasaba durup bilersiňiz.
ORIENT