Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasynda duşuşyk geçirildi
15.03.2025 | 23:50 |Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen Gazna bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Jalpa Ratna Gaznanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyny nygtady we ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem, Gaznanyň ynsanperwer ugurdaky işlerine ýokary baha berdi we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Gaznanyň alyp barýan işleriniň bütindünýä nusgalykdygyny belläp geçdi.
Döredilenden bäri dört ýylyň dowamynda Gazna tarapyndan dürli ýurtlarda heläkçilik zerarly ejir çeken çagalara kömek berlendigi şeýle hem Türkmenistanda köp sanly mätäç çagalara bejergi geçirlendigi nygtaldy.
Oguljahan Atabaýewa Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp meýilleşdirilýän uly göwrümli çäreler barada habar berdi we ÝUNISEF-iň wekillerini şol çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşinde habar berildi.
Şeýle hem şol gün Gaznanyň wise-prezidenti Müdiriýetiň mejlisini geçirdi, onda Gaznanyň döredilen gününe bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu çärelerde Gaznanyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäginde ýaş nesliň saglygyny berkitmekde gazanan üstünliklerini şöhlelendirmegiň zerurlygy nygtaldy.şeýle hem ozaldan gelýän adamkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň we bu ugurda beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmagyň ähmiýeti bellendi.
ORIENT