Türkmenistan bilen Ženewa parahatçylyk döredijilik platformasy boýunça bilelikdäki taslamalar barada ylalaşýarlar
06.02.2025 | 16:35 |5-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ženewa parahatçylyk döredijilik platformasynyň (Geneva Peacebuilding Platform) ýolbaşçysy doktor Annissa Bellal we BMG-niň ýanynda Parahatçylyk uniwersitetiniň hemişelik synçysy we beýleki halkara guramalaryň ilçisi Deýwid Fernandes Puýana bilen duşuşdy.
Duşuşyk döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek we BMG-niň Baş Assambleýasynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlandy. Ilçi Hajiýew şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň daşary syýasat ugry üçin möhüm esas bolup durýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň belleýändigini aýtdy.
Duşuşykda taraplar çap etmek pudagynda taslamany durmuşa geçirmek we halkara giňişliginde ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT