Türkmenistanyň Prezidenti “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna hormatly ady dakdy
02.02.2025 | 22:30 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyny dakdy.
Türkmenistanda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini we hünär ussatlygyny nazara alyp ýokary derejeli sylag bilen sylaglandy diýip, Permanda bellenýär.
ORIENT