Taýland ýurda gelýän syýahatçylar üçin giriş düzgünleri üýtgetýär
29.01.2025 | 14:55 |Taýlandyň hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin migrasion kartanyň (TM6 görnüşi) hökmany doldurylmagyna dolanyp gelinýändigi barada habar berdi. Täzeçilik 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap güýje giriziler.
Taýlandyň Syýahatçylyk we sport ministrligine salgylanyp, Bangkok Post neşiriň berýän maglumatlaryna laýyklykda, TM6 görnüşi patyşalyga islendik ulag serişdesinde (howa, ýerüsti ýa-da deňiz) gelýän ähli daşary ýurtly raýatlar tarapyndan hökmany ýagdaýda doldurylmalydyr. TM6 görnüşiniň doldurylmagy mugt esasda onlaýn-görnüşde amala aşyrylar.
TM6 görnüşi Taýlanda giriş we ondan çykyş üçin immigrasion karta görnüşinde bolup, onda syýahatçylar öz pasport maglumatlaryny, syýahat baradaky maglumatlaryny (saparyň maksady, ýaşaýyş ýeri we ş.m.) hem-de habarlaşmak üçin maglumatlaryny görkezmeli.
TM6 görnüşiniň doldurylmagy Taýlanda awiasiýa ulagy bilen gelýän syýahatçylar üçin 2022-nji ýylyň iýulynda ýatyryldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 15-nji oktýabryna çenli hökümet serhediň üsti bilen geçişiň 16 sany ýerüsti we deňiz nokatlarynda bu görnüşiň doldurylmagy baradaky talaplary wagtlaýyn duruzupdy.
TM6 görnüşiniň ulanylmagyna gaýdyp gelmek baradaky karar Taýland bilen wizasyz tertibine eýe bolan ýurtlaryň raýatlary üçin elektron ygtyýarnama (ETA) ulgamyny girizmek boýunça meýillerine derek kabul edildi.
ORIENT News