Iň täze habarlar

Täjigistanda ýurduň ilkinji metrosynyň gurluşygyna başlarlar

29.01.2025 | 12:10 |
 Täjigistanda ýurduň ilkinji metrosynyň gurluşygyna başlarlar

Täjigistanyň hökümeti 2025-nji ýylda ýurduň ilkinji metrosynyň gurluşygyna başlamagy göz öňünde tutýandyklary barada habar berdi.

“Tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň taýýarlyk işleri 2025-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda başlar, metronyň gurluşygynyň anyk taslamasyna iýun-iýul aýlarynda başlamak göz öňünde tutulýar” – diýip, Respublikanyň Ulag ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Duşenbedäki ýeňil metronyň birinji ugrunyň şäheriň günorta böleginden merkeze, ýagny Döwlet sirkine çenli gurulmagy meýilleşdirilip, onuň uzynlygy 10,5 km deň bolar.

2022-nji ýylyň mart aýynda Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibragim hem-de Günorta Koreýanyň Milli demir ýol kompaniýasynyň başlygy Kim Han Ýon Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekip, onda Duşanbedäki metronyň taslamasy barada ýatlanyp geçilýär.

ORIENT News

Foto: sputnik.tj

Şeýle hem okaň: