Iň täze habarlar

Gazagystanda Hazar deňziniň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk ugruny gurmak meýilleri barada habar berdiler

29.01.2025 | 11:15 |
 Gazagystanda Hazar deňziniň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk ugruny gurmak meýilleri barada habar berdiler

Gazagystanda 2025-nji ýylda başlajak Hazar deňziniň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk ugruny gurmak meýilleri barada habar berdiler.

Gazagystanyň premýer-ministri Olžas Bektenow täze sim ugrunyň uzynlygy 380 km deň bolup, onuň geçirijilik ukyby sekuntda 400 terabit boljakdygy barada belledi. Taslama 50 mln dollar möçberinde maýa goýumlary talap eder.

2023-nji ýylda Kazahtelekom gazak kompaniýasy hem-de AzerTelecom azerbaýjan kompaniýasy bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Caspinet B.V. atly bilelikdäki kärhananyň döredilmegi barada ylalaşyga gol çekdiler. Her bir tarap paýnamalaryň 50 % eýeçilik eder. Ugruň esasy bölegi Gazagystanyň Aktau şäherinden Azerbaýjanyň Siýazan şäherine çenli geçer. Bu gurluşyk diňe bir iki ýurduň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrman, eýsem Merkezi Aziýada telekommunikasion infrastrukturasynyň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri döreder.

ORIENT news

Foto: informburo.kz

Şeýle hem okaň: