Smartfonlarda hemra aragatnaşygy kada öwrülýär
21.06.2024 | 09:25 |Ýerüsti ykjam aragatnaşyk hem-de hemra aragatnaşyk operatorlarynyň ýakynlaşmagy pudakda kada öwrülýär. Häzirki günde tutuş dünýäde 91 sany öýjükli aragatanşyk operatorlary hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekdiler.
Ykjam aragatnaşyk operatorlary barada ygtybarly maglumat çeşmesi bolan GSMA Intelligence-iň habar bermegine görä, häzirki wagtda ykjam we hemra aragatnaşyk hyzmatlary üçin hereket edýän şertnamalar dünýäniň ykjam aragatnaşyk bazarynyň 60%-ni eýeleýär.
Diňe ABŞ-da eýýäm 3 sany iri ykjam aragatnaşyk operatorlary hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen ylalaşyk baglaşdylar. Hususan-da, Verizon we AT&T AST SpaceMobile bilen, T-Mobile US bolsa SpaceX-iň Starlink-i bilen birleşdiler. Häzirki wagtda Starlink-de 17 ylalaşyk, AST SpaceMobile-da 24, Lynk Global-da bolsa 15 ylalaşyk hasaba alyndy.
Habar berlişi ýaly, hyzmatlar tapgyrlaýyn esasda ýaýbaňlandyrylar. Ilkinji tapgyrda sesli aragatnaşyk we sms hyzmatlary, soňra bolsa hemra aragatnaşygygynyň göwrüminiň giňemegi bilen beýleki maglumatlar hem geçiriler.
Bu ugurda iň köp şertnamalaryň Aziýada baglaşylandygyny bellemek gerek.
Häzirki wagtda orbitada 6 müňe golaý emeli hemrasy bolan Starlink öňdeligi eýeleýär. Ikinji orny 600 enjamy bilen Eutelsat OneWeb eýeleýär. AST SpaceMobile-yň entäk diňe bir emeli hemrasy bar, Amazon-a degişli Project Kuiper-iň bolsa häzirki wagtda orbitada iki synag hemrasy hereket edýär.
ORIENT news