Hazar deňzinde emeli adalar peýda bolup biler
11.05.2024 | 09:00 |Hazar deňzinde emeli adalar peýda bolup biler.
Azerbaýjanyň parlamenti tarapyndan üçünji okalyşda «Hazar deňziniň (kölüň) Azerbaýjan Respublikasyna degişli böleginde emeli ýer böleklerini döretmek hakynda» Kanunyň taslamasy kabul edildi.
Kanunyň taslamasy täze adalaryň we bar bolan çäklere ýanaşyk ýer bölekleriniň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Emeli adalar goranmak hem-de syýahatçylary çekmek, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýşy üçin döredilýär. Şeýlelikde, taslama durmuşa geçirilse, Hazar deňzi jahankeşdeleri özüne çekýän täze nokada öwrülip biler.
ORIENT news