Suwy gaýnatmak arkaly ondaky iri we ownuk mikroplastikleriň 90 göterimi ýok edilýär
03.03.2024 | 12:08 |Hytaýly alymlar suwy gaýnatmagyň netijesinde ondaky owanuk we iri mikroplastik bölejikleriň 80-90 göteriminiň ýok bolýandygyny anykladylar. Alymlaryň gözlegleriniň netijeleri “Environmental Science & Technology Letters” ylmy žurnalynda çap edildi diýip, “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.
“Biz ýokary talhlylyga eýe bolan suwuň gaýnadylmagynyň ondaky polistirolyň, polietileniň, polipropileniň 80 göterimini ýok edýändigini ýüze çykardyk. Bu galyndylaryň suwdaky möçberi 0,1-dan 150 mikrona çenli bolýar. Ýokary temperatura bu bölejiklerden kalsiý karbonatynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa, olaryň gaplaryň düýbünde we diwarlyklarynda ýygnanmagyna getirýär” diýip, alymlar belleýärler.
Bu açyş Szinan uniwersitetiniň professory Eddi Szeniň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň gaýnadylan suwuň düzümi öwrenilende ýüze çykaryldy. Alymlaryň belleýşi ýaly, içmezden ozal Gündogar halklaryna mahsus suwy gaýnatmak däbi alymlara degişli gözlegleri geçirmäge iteripdir. Munuň üçin plastik galyndylary ýüze çykarylan 14 ýurduň içimlik suwlary öwrenildi.
Şeýle maglumatlary almak üçin alymlar polistiroldan, polietilenden we polipropilenden dürli ululykdaky we şekilli mikro we nano bölejikleri taýýarladylar, soňlugy bilen bolsa Guançžou şäherindäki öýlere berilýän ýumşak we gaty krant suwunyň nusgalaryna goşdular. Şeýle nusgalaryň her biri çäýneklerde gaýnadyldy, şondan soň alymlar suwuň düzümini we gabyň diwarlarynda galýan galyndylaryň möçberini öwrendiler.
Bu synaglar gaýnatmagyň ähli ululykdaky mikroplastiki bölejikleriň ep-esli bölegini suwdan aýryp biljekdigini görkezdi. Bu amalyň netijeliligi suwuň talhlylygyna baglydyr - plastmassa bölejikleriniň takmynan 25% -i ýumşak suwda, talhlylygy ýokary bolan suwda bolsa möçberi 80-90% azalýar.
Hytaýly alymlaryň pikiriçe, şunuň ýaly synaglar gaýnatmsgyň agyz suwuny plastiki hapalanmakdan arassalamak üçin arzan we çalt usullary döretmek üçin esas bolup biljekdigini görkezýär. Bu, esasanam çig krant suwuny içmek adata öwrülen Günbatar Ýewropa ýurtlary üçin has ýerlikli bolar.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda alymlar diňe bir derýalarda we köllerde däl, eýsem ägirt uly “zibil galyndylary” dörän dünýä okeanlarynyň köp sebitlerinde-de köp mukdarda plastik galyndylary we mikroplastikany tapdylar. Ýakynda Mariana çöketliginiň düýbünde we Ewerest dagynyň depesinde ýel, ýagyş we çuň akymlar bilen baran plastmassa galyndylarynyň bölejikleri tapyldy.
ORIENT news