Iň täze habarlar

Hazaryň kenarynda suw-batgalyk guşlaryny hasaba almak boýunça halkara ekspedisiýa guralar

24.01.2024 | 10:47 |
 Hazaryň kenarynda suw-batgalyk guşlaryny hasaba almak boýunça halkara ekspedisiýa guralar

Hazar deňziniň kenaryndaky suw-batgalyk guşlaryny hasaba almak boýunça badalga berlen halkara ekspedisiýa 27-nji ýanwara çenli dowam eder. Bu çäre Ramsar konwensiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň Strategik meýilnamasyny 2016 – 2024-nji ýyllarda durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ylmy-barlag ekspedisiýasynyň çäklerinde Hazar kenaryndaky guşlaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary öwreniler we toplanan maglumatlar öňki görkezijiler bilen deeşdiriler.

Ekspedisiýanyň düzümine Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň, Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligi gullugynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alymlaryndan we hünärmenlerinden ybarat 13 adam girýär.

Ekspedisiýa gatnaşyjylaryň syýahaty Hazar deňziniň kenary boýunça 400 kilometre uzar. Olar ilki Hazar deňziniň türkmen böleginiň demirgazyk kenarýakasyny, soňra günorta kenaryny, Çeleken ýarym adasyny we aýlaglary öwrenerler.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: