Iň täze habarlar

Türkmenistan Ankarada geçiriljek kosmos tehnologiýalarynyň halkara maslahatyna gatnaşar

17.01.2024 | 19:32 |
 Türkmenistan Ankarada geçiriljek kosmos tehnologiýalarynyň halkara maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň milli aragatnaşyk agentligi (Türkmenaragatnaşyk) we “Türkmen hemrasy” milli hemra aragatnaşyk operatory resmi hyzmatdaşlary hökmünde 2024-nji ýylyň 24-26-njy aprelinde Türkiýäniň Ankara şäherinde geçiriljek halkara kosmos tehnologiýasy maslahatyny goldady.

Konferensiýanyň resmi web sahypasyna görä, Space Technology Conference - Central Eurasia, STC, Merkezi Ýewraziýa kosmos senagatyndaky çözgütleri kabul edijileriň her ýylky duşuşygynyň ýeri hökmünde özüni tanatdy, bu ýerde dünýäniň söwda guramalary, sebitleýin hökümet guramalary bilen kosmos pudagynyň ösüşlerini ara alyp maslahatlaşmak we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça duşuşýarlar. Daşkentdäki STC 2023, 28 ýurtdan 49 spikeri, 21 hemaýatkäri we 303 wekili özüne çekdi.

Maslahata “Azerkosmos” kosmos agentligi, Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmiki senagaty ministrligi, Gyrgyzystanyň sanly ösüş ministrligi we BAE-niň Milli kosmos agentligi hem goşulýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: