Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýy we Marsy özleşdirmek meýilnamalary barada yglan etdi
21.07.2025 | 13:30 |Bary-ýogy bir ýyl mundan ozal döredilen Günorta Koreýanyň kosmos agentligi (KASA) Aýy hem-de Marsy öwrenmek bilen baglanyşykly uzak möhletli giň gerimli meýilnamalaryny hödürledi. 17-nji iýulda Koreýanyň Milli barlag gaznasynda geçirilen maslahatlaşmalarda beýan edilen resminama bäş esasy wezipäni öz içine alýar: pes Ýer orbitasyny, mikrograwitasiýany, Aýy, Güni hem-de uzak kosmosy öwrenmek.
Aý maksatnamasynyň çäginde KASA Aýa gonuş we onuň ýüzünde hereket etmek boýunça özbaşdak tehnologiýalary işläp düzmegi meýilleşdirýär. Aýdaky serişdeleriň, şol sanda suw buzunyň gazyp alynmagy we ulanylmagy boýunça tehnologiýalara aýratyn üns berler. Käbir işler eýýäm alnyp barylýar: şeýlelikde, Koreýanyň Geologiýa we magdan serişdeleri instituty kömür käninde Aý robotlaryny synagdan geçirip, peýdaly magdanlary gazyp almak usullaryny barlap gördi.
Günorta Koreýa eýýäm Aý töweregindäki giňişlikde tejribe toplady — 2022-nji ýylyň awgust aýynda SpaceX Falcon 9 raketasynyň üsti bilen uçurylan Danuri atly Aý zondy üstünlikli ýagdaýda Aýyň orbitasyna çykdy we işini dowam etdirýär. Ilkibaşda robotlaşdyrylan Aý ulagynyň gonuşy 2032-nji ýyla meýilleşdirilse-de, täze meýilnamalara görä, 2040-njy ýyla çenli döwrebaplaşdyrylan Aý ulagynyň döredilmegi we 2045-nji ýyla çenli Aý bazasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, KASA ýurduň taryhynda ilkinji gezek 2045-nji ýyla çenli Marsa gonmagy maksat edinýär.
Häzirki wagtda bu batyrgaý kosmos taslamalarynyň durmuşa geçirilişi başlangyç tapgyrdadyr, emma Günorta Koreýanyň kosmos maksatnamasy örän çalt depginde ösýär.
ORIENT